05 Maý, 2021 ý.

Türkmenistan we Halkara guramalar ulag hyzmatdaşlygynyň berkidilmegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda penşenbe güni ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek, şol sanda serhetden geçiş tertiplerini ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak bilen baglanşykly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, gepleşige Türkmenistanyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň şeýle-de ulag ulgamynda iş alyp barýan döwlet agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem maslahata BMG-niň degişli agentlikleriniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň hem-de beýleki maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar şu ýylyň 19-njy we 22-nji fewraly aralygynda hünärmenler derejesinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça taýýarlanylan sanitar-epidemiologiki nukdaýnazaryndan howpsuz synag ulag-üstaşyr kerwenleriniň ýola goýulmagy we ýurdumyzda ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy baradaky maslahatlara garadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mart aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV Sammitiniň dowamynda ulag geçelgelerini we logistik merkezleri döretmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutanymyz Gündogar-Günbatar ugry boýunça, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden kontinentiň Ýewropa bölegine, Ýakyn Gündogar tarapa utgaşdyrylan ulag geçelgelerine aýratyn üns berilmegine çagyrdy.