Biz barada

“Hazar ýol” HK Türkmenistanyň iň öňdebaryjy logistiki kärhanalarynyň biridir

Siziň ýükleriňiz daşalmagy, şol sanda : howa ulaglary, awtoulaglar, deňiz we demirýol ulaglary arkaly daşalmagy üçin multimodal çözgütleri hödürleýäris.

Ygybarlylyk, yhlaslylyk, maksada okgunlylyk we maliýe netijeleri biziň telekeçilik işimiziň özenini düzýär.

Biziň hususy wagon duralgamyz sisternalary, ýapyk wagonlary, galla daşalýan ulaglary we hususy gämiler we ýük awtoulaglary bilen birlikde wagonlaryň beýleki görnüşlerini özünde jemlemek bilen, bize bazarda iň amatly bahalary hödürlemek we netijede müşderilimiziň harajatlaryny tygşytlamaga ýardam etmek mümkinçiligini döredýär.

Wagtynda amala aşyrylýan üpjünçilikler we hyzmat etmek medeniýetiniň ýokary derejesi bize öz müşderilerimiz bilen ynamly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etdi. Biz siziň telekeçilik işiňiziň netijeliliginiň ýokarlanmagy üçin iň amatly çözgütleri hödürleýäris. Biz bilelikde işlemek bilen köpdürlilige aýratyn baha berýäris we hemmeler üçin mümkinçilikleri döredýäris.

Biz dürli jemgyýetçilik toparyndan bolan adamlaryň özlerini iň gowy keşpde tanatmaklary üçin amatly gurşawy döretmek bilen bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün edýäris.

Hyzmatlarymyz