05 Maý, 2021 ý.

Ukraina Türkmenbaşy portunda logistika merkezini döretmek isleýär

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň we Ukrainanyň Ykdysady ösüş, söwda we oba hojalygy ministrliginiň wekilleri sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirdiler. Onuň barşynda ukrain wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň çäginde logistika merkezini döretmäge gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, logistika merkeziniň döredilmeginiň maksady ukrain harytlaryny Türkmenistana we sebitdäki beýleki ýurtlara eksport etmekden, şeýle hem türkmen harytlaryny Ukraina import etmekden ybaratdyr.

Maslahatyň dowamynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyryş dabarasynda türkmen tarapy ukrain tarapy bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem, türkmen tarapy Balkan gämi abatlaýyş kärhanasynyň mümkinçilikleri we 2025-nji ýyla çenli gämi gurluşygyny ösdürmek meýilnamalary barada gürrüň berip, ukrain tarapyny gämi abatlaýyş hem-de gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyga çagyrdy.

“ЧЕРНОМОРНИИПРОЕКТ” döwlet kärhanasynyň direktory öz gezeginde deňiz desgalary üçin taslamalary taýýarlamak boýunça bölümiň işi barada gürrüň berip, bu ugurda Türkmenistanda degişli işe gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.

Şeýle hem, ukrain tarapyna Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň multimodal ulag ulgamynyň talaplary we porty sanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi geçen ýyl 2 million 409 müň tonnadan gowrak mukdarda ýük daşady.